Ähli pudaklar Türkmenistanyň kärhanalary HS Codes Incoterms Biz barada Habarlaşyň

Harytlary Beýan Etmegiň we Kodlamagyň Sazlaşdyrylan Ulgamy

HS Code (Harmonized Commodity Description and Coding System) – bu Harytlary Beýan Etmegiň we Kodlamagyň Sazlaşdyrylan Halkara Ulgamydyr. Bu ulgam 1983-nji ýylda Bütindünýä Gümrük Guramasy tarapyndan işlenip düzüldi we 1988-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap güýje girdi.

Bu ulgamyň esasyny düzýän resminama, Harytlary Beýan Etmegiň we Kodlamagyň Sazlaşdyrylan Ulgamy hakyndaky Halkara Konwensiýadyr.

Ulgam ähli ýurtlara, halkara kadalara we düşündirişlere laýyklykda halkara bazarynda satylýan ähli harytlaryň atlarynyň ýeke-täk klassifikasiýasyndan ugur almaga mümkinçilik berýär. Ulgam halkara söwda statistikasy we ähli ýurtlaryň gümrük nyrhlary üçin ähliumumy esas bolup durýar.

Gümrük edaralary HS kodlaryndan, halkara derejesinde iberilýän harytlara degişlilikde paçlary, salgytlary we kadalary ulanmakda peýdalanýarlar.

Her önüme, gümrük paçlaryny almak ýa-da haryt beýannamasyny taýýarlamak ýaly gümrük amallary ýerine ýetirilende ulanylýan 6 sanly ýa-da 10 sanly kod berilýär. HS Code esasynda gümrük nyrhy (tarifi) emele getirilýär, gümrük statistikasy ýöredilýär, şeýle hem nyrhsyz (tarifsiz) düzgünleşdiriş çäreleri ulanylýar. Bu daşary söwda statistikasyny dogry ýöretmäge we hasaplanyp ýazylýan paçlaryň nyrhlaryny anyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

GDA ýurtlarynda HS Code bilen doly diýen ýaly gabat gelýän TN VED kody (Daşary Ykdysady Işjeňligiň Haryt Nomenklaturasy) ulanylýar.

Çeşmesi: Bütindünýä Gümrük Guramasy

Resmi web sahypasy: https://wcoomd.org

Dogry Gümrük Koduny tapyň

1

BÖLÜM I. Janly haýwanlar; mal önümleri

2

BÖLÜM II. Ösümlik önümleri

3

BÖLÜM III. Mal ýa-da ösümlik ýaglary we ýaglar we olary böleklere bölmek üçin önümler; taýýar iýmit ýaglary; mal ýa-da ösümlik mumlary

4

BÖLÜM IV. Taýýar azyk önümleri; alkogolly we alkogolsyz içgiler we sirke; temmäki we onuň ornuny tutujylar

5

BÖLÜM V. Mineral önümler

6

BÖLÜM VI. Himiýa we onuň bilen bagly pudaklaryň senagatynyň önümi

7

BÖLÜM VII. Plastmassalar we olardan taýýarlanan önümler; kauçuk, rezina we olardan taýýarlanan önümler

8

BÖLÜM VIII. Işlenilmedik deriler, eýlenen gön, tebigy sütük we olardan taýýarlanan önümler; eýer-esbap önümleri we esbaplar; ýol üçin gerekli esbaplar, zenan torbalary we şoňa meňzeş harytlar; mallaryň içegelerinden taýýarlanan önümler (ýüpek gurçugynyň fibroininden edilen süýümden başga)

9

BÖLÜM IX. Agaç we ondan taýýarlanan önümler; agaç kömür; dykylyk gabyk we ondan taýýarlanan önümler; samandan, alfadan ýa-da örmek üçin beýleki materiallardan taýýarlanan önümler; sebet önümleri we beýleki örme önümleri

10

BÖLÜM X. Agaçdan ýa – da beýleki süýümli sellýuloza materiallaryndan alnan massa; regenerirlenýän kagyz ýa-da karton (makulatura we galyndylar); kagyz, karton we olardan taýýarlanan önümler

11

BÖLÜM XI. Dokma materiallary we dokma önümleri

12

BÖLÜM ХII. Aýakgapar, baş gaplar, saýawanlar, günden goraýan saýawanlar, hasalar, hasa-oturgyçlar, toýrylar, gamçylar we olaryň bölekleri; işlenilen ýelekler we olardan taýýarlanan önümler; emeli güller; adamyň saçyndan taýýarlanan önümler

13

BÖLÜM XIII. Daşdan, gipsden, sementden, asbestden, slýudadan ýa-da şoňa meňzeş materiallardan taýýarlanan önümler; keramiki önümler; aýna we ondan taýýarlanan önümler

14

BÖLÜM ХIV. Tebigy ýa-da ösdürilip ýetişdirilen dür, gymmat bahaly ýa-da ýarym gymmat bahaly daşlar, gymmat bahaly metallar, gymmat bahaly metal çaýylan metallar we olardan taýýarlanan önümler; bižuteriýa; şaýlar

15

BÖLÜM XV. Gymmat bahaly bolmadyk metallar we olardan taýýarlanan önümler

16

BÖLÜM XVI. Maşynlar, enjamlar we gurluşlar; elektrotehniki enjamlar; olaryň bölekleri; ses ýazýan we ses çykarýan apparatura, teleýaýlym şekillerini we seslerini ýazmak we görkezmek üçin apparatura, olaryň bölekleri we gerekli zatlary

17

BÖLÜM XVII. Ýerüsti ulag serşdeleri, uçýan apparatlar, ýüzýan serişdeler we ulaga degişli bolan gurluşlar we enjamlar

18

BÖLÜM XVIII. Optiki, fotografiýa, kinematografiýa, ölçeýji, barlaýjy, presizion, lukmançylyk ýa-da hirurgiýa gurallary we apparatlary; ähli görnüşli sagatlar; saz gurallary; olaryň bölekleri we gerekli zatlary

19

BÖLÜM XIX. Ýaraglar we ok – däriler; olaryň bölekleri we gerekli zatlary

20

BÖLÜM XX. Dürli senagat harytlary

21

BÖLÜM XXI. Sungat eserleri, kolleksionirleme esbaplary we antikwariat
TurkmenExporters - Business Platform of Turkmenistan