Duz (nahar duzuny we denaturirlenen duzy goşmak bilen) we arassa natriý hloridi, suwda eredilen ýa-da eredilmedik, ýa-da ýelmeşmeklige päsgel berýän ýa-da ürgünligi üpjün edýän agentleriň goşundylary bolan ýa-da bolmadyk; deňiz suwy:
deňiz suwy ýa-da duzly erginler
nahar duzy (nahar duzuny we denaturirlenen duzy goşmak bilen) we arassa natriý hloridi, suwda eredilen ýa-da eredilmedik, ýa-da ýelmeşmeklige päsgel berýän ýa-da akymlylygy üpjün edýän agentleriň goşundylary bolan ýa-da bolmadyk:
himiki öwrülmeler üçin (hlory we natriýni bölmek) soňy bilen beýleki önümleri öndürmek üçin peýdalanmak bilen
beýleki:
denaturirlenen ýa-da senagat maksatlary üçin (arassalamaklygy goşmak bilen), adamlar üçin azyk önümlerini ýa-da mallar üçin iýmleri konserwirlemekden ýa-da taýýarlamakdan başga
beýleki:
duz, azyk üçin ulanmaklyga ýaramly:
ýodlaşdyrylan
beýleki
Ýakylmadyk pirit
Ähli görnüşli kükürt, sublimirlenen, çökdürilen we kolloid kükürtlerinden başga:
çig ýa-da arassalanmadyk kükürt
beýleki
Tebigy grafit:
toz ýa-da teňňejikler görnüşinde
beýleki
Ähli görnüşli tebigy çägeler, reňklenen ýa-da reňklenmedik, 26 toparyň metally çägelerinden başga:
kremnili çägeler we kwarsly çägeler
beýlekiler
Kwars (tebigy çägelerden başga); kwarsit, irimçik owradylan ýa-da owradylmadyk, byçgylanan ýa-da byçgylanmadyk, ýa-da başga usul bilen bloklara ýa-da gönüburçly plitalara (kwadratlary hem goşmak bilen) bölünen:
kwars
kwarsit
Ak toýun we ak toýun görnüşli beýleki toýunlar, kalsinirlenen ýa-da kalsinirlenmedik:
ak toýun
ak toýun görnüşli beýleki toýunlar
Beýleki toýunlar (6806 haryt görnüşiniň çişirilen toýunlaryny aradan aýyrmak bilen), andaluzit, kianit we sillimanit, kalsinirlenen ýa-da kalsinirlenmedik; mullit; ýakylan toýunly ýa-da dinasly topraklar:
magdantoýun
oda çydamly toýun
beýleki toýunlar
andaluzit, kianit we sillimanit
mullit
ýakylan toýunly ýa-da dinasly topraklar
Hek
Tebigy kalsiý fosfatlary, alýuminiý-kalsiý tebigy fosfatlary we fosfat heki:
owradylmadyk
owradylan
Tebigy bariý sulfaty (barit); tebigy bariý karbonaty (witerit), kalsinirlenen ýa-da kalsinirlenmedik, 2816 haryt görnüşindäki bariý oksidinden başga:
tebigy bariý sulfaty (barit)
tebigy bariý karbonaty (witerit)
Infuzor kremniýli topraklar (mysal üçin, kizelgur, trepel we diatomit) we şoňa meňzeş kremniýli topraklar, kalsinirlenen ýa-da kalsinirlenmedik, udel agramy 1 ýa-da ondan az
Pemza; naždak; tebigy korund, tebigy granat we beýleki tebigy abraziw materiallar, ýylylyk arkaly işlenen ýa-da işlenmedik:
pemza
naždak, tebigy korund, tebigy granat we beýleki tebigy abraziw materiallar
Slanes, irimçik owradylan ýa-da owradylmadyk, byçgylanan ýa-da byçgylanmadyk, ýa-da başga usul bilen bloklara ýa-da gönüburçly plitalara (kwadratlary hem goşmak bilen) bölünen
Mermer, trawertin, ýa-da hekli tuf, ekaussin we beýleki hek daşlary ýadygärlikler ýa-da gurluşyk üçin udel agramy 2,5 ýa-da ondan köp, we alebastr, irimçik owradylan ýa-da owradylmadyk, byçgylanan ýa-da byçgylanmadyk, ýa-da başga usul bilen bloklara ýa-da gönüburçly plitalara (kwadratlary hem goşmak bilen) bölünen:
mermer we trawertin, ýa-da hekli tuf:
işlenilmedik ýa-da irimçik owradylan
byçgylanan ýa-da başga usul bilen bloklara ýa-da gönüburçly plitalara (kwadratlary hem goşmak bilen) bölünen
ekaussin we beýleki hek daşlary ýadygärlikler ýa-da gurluşyk üçin; alebastr
Granit, porfir, bazalt, gumdaş we ýadygärlikler ýa-da gurluşyk üçin beýleki daşlar, irimçik owradylan ýa-da owradylmadyk, byçgylanan ýa-da byçgylanmadyk, ýa-da başga usul bilen bloklara ýa-da gönüburçly plitalara (kwadratlary hem goşmak bilen) bölünen:
granit:
işlenilmedik ýa-da irimçik owradylan
byçgylanan ýa-da başga usul bilen bloklara ýa-da gönüburçly plitalara (kwadratlary hem goşmak bilen) bölünen
gumdaş
ýadygärlikler ýa-da gurluşyk üçin beýleki daşlar
Jyglym daş, çagyl, daş owuntygy ýa-da owradylan daş, adatça beton dolduryjylar, gara ýollar ýa-da demir ýollar üçin ballast ýa-da beýleki ballast hökmünde ulanylýan, jyglym daş, şeýle hem harsaňlar we kremniýli çagyl, ýylylyk arkaly işlenen ýa-da işlenmedik; şlakdan, drossdan ýa-da haryt görnüşiniň birinji böleginde görkezilen materiallary öz içine alýan ýa-da almaýan şoňa meňzeş senagat galyndylaryndan makadam; gudronlanan makadam; 2515 ýa-da 2516 haryt görnüşiniň daşlaryndan owuntyklar, owuntyk we toz, ýylylyk arkaly işlenen ýa-da işlenmedik:
jyglym daş, çagyl, daş owuntygy ýa-da owradylan daş, adatça beton dolduryjylar, gara ýollar ýa-da demir ýollar üçin ballast ýa-da beýleki ballast hökmünde ulanylýan, jyglym daş, şeýle hem harsaňlar we kremniýli çagyl, ýylylyk arkaly işlenen ýa-da işlenmedik:
jyglym daş, çagyl, daş owuntygy
hek daşy, dolomit we beýleki hek daşlary, bölünen ýa-da owradylan
beýlekiler
şlakdan, drossdan ýa-da 2517 haryt görnüşiniň birinji böleginde görkezilen materiallary öz içine alýan ýa-da almaýan şoňa meňzeş senagat galyndylaryndan makadam
gudronlanan makadam
2515 ýa-da 2516 haryt görnüşiniň daşlaryndan owuntyklar, owuntyk we toz, ýylylyk arkaly işlenen ýa-da işlenmedik:
mermerden
beýlekiler
Dolomit, kalsinirlenen ýa-da kalsinirlenmedik, gyzyp tutluşan ýa-da tutluşmadyk, irimçik owradylan ýa-da byçgylanan, ýa-da başga usul bilen bloklara ýa-da gönüburçly plitalara (kwadratlary hem goşmak bilen) bölünen dolomiti goşmak bilen; içine dykylýan dolomit garyndysy:
kalsinirlenmedik ýa-da gyzyp tutluşmadyk dolomit
kalsinirlenen ýa-da gyzyp tutluşan dolomit
içine dykylýan dolomit garyndysy
Tebigy magniý karbonaty (magnezit); eredilen magneziýa; gyzyp tutluşýança bişirilen magneziýa (aglomerirlenen), aglomerasiýadan öň goşulýan beýleki oksidleriň köp bolmadyk mukdaryny özünde jemleýän ýa-da jemlemeýän; beýleki magniý oksidleri, goşundyly ýa-da goşundysyz:
tebigy magniý karbonaty (magnezit)
beýlekiler:
magniý oksidi, tebigy kalsinirlenen magniý karbonatyndan başga
gyzyp tutluşýança bişirilen magneziýa (aglomerirlenen)
beýlekiler
Gips; angidrit; gips berkidijileri (kalsinirlenen gips ýa-da kalsiý sulfaty bolup durýan), reňklenen ýa-da reňklenmedik, tizlendirijileriň ýa-da haýalladyjylaryň köp bolmadyk mukdaryny özünde jemleýän ýa-da jemlemeýän:
gips; angidrit
gips berkidijileri
Hek flýusy; hek daşy we hek ýa-da sement taýýarlamak üçin ulanylýan beýleki hek daşlary
Söndürilmedik, söndürilen we gidrawlik hek, 2825 haryt görnüşinde görkezilen kalsiý oksidinden we gidroksidinden başga:
söndürilmedik hek
söndürilen hek
gidrawlik hek
Portlandsement, glinozýomly sement, şlakly sement,
supersulfatly sement we şoňa meňzeş gidrawlik sementler, reňklenenmedik ýa-da reňklenen, taýýar ýa-da klinker görnüşinde:
sement klinkerleri
portlandsement:
ak sement, emeli reňklenen ýa-da reňklenmedik
beýleki
glinozýomly sement
beýleki gidrawlik sementler
Asbest:
krokidolit
beýleki
Slýuda, şol sanda gatlaklanan; slýuda galyndylary:
işlenilmedik slýuda we slýuda, plastinkalara ýa-da teňňejiklere böleklenen
slýuda tozy
slýuda galyndylary
Tebigy steatit, irimçik owradylan ýa-da owradylmadyk, byçgylanan ýa-da byçgylanmadyk, ýa-da başga usul bilen bloklara ýa-da gönüburçly plitalara (kwadratlary hem goşmak bilen) bölünen; talk:
owradylmadyk we üwelmedik
owradylan ýa-da üwelen
---
Tebigy boratlar we olaryň konsentratlary (kalsinirlenen ýa-da kalsinirlenmedik), tebigy duzly suwlardan alnan boratlardan başga; tebigy bor kislotasy, düzüminde gury önüm hökmünde hasaplananda 85 agr. % H3BO3 köp bolmadyk
Meýdan şpaty; leýsit; nefelin we nefelin siýeniti; plawik şpaty:
meýdan şpaty
plawik şpaty:
düzüminde 97 agr. % ýa-da ondan az kalsiý ftoridi bolan
düzüminde 97 agr. % köp kalsiý ftoridi bolan
leýsit; nefelin we nefelin siýeniti
Mineral maddalar, başga ýerde atlandyrlmadyk ýa-da goşulmadyk:
wermikulit, perlit we hloritler, köpürjiklemedik
kizerit, epsomit (tebigy magniý sulfaty)
beýlekiler
9 maý: 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni