Incoterms näme?
Incoterms (International Commercial Terms) – bu dünýä söwdasynda ulanylýan we satyjynyň hem-de alyjynyň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän Halkara Täjirçilik Şertleridir. Onuň esasy wezipesi – halkara aluw-satuw şertnamalarynyň şertlerini şertnama gatnaşýan ähli ýurtlaryň kanunlaryna laýyk getirmek üçin olary standartlaşdyrmak we amatlaşdyrmakdyr. Incoterms düzgünleriniň ilkinji neşiri 1936-njy ýylda Halkara Söwda Edarasy tarapyndan çap edildi. 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, täze Incoterms-2020 düzgünleri güýje girdi, olar mümkin boldugyça kadalary ýönekeýleşdirmek we mundan başga-da, söwda şertleriniň ulanylşynda bulaşyklyga we düşünişmezlige sebäp bolup biljek artykmaç üpjünçilik esaslaryny aýyrmak, bütin dünýädäki eksportçylara we importçylara eltip bermegiň ähli şertlerini has aýdyň düşündirmek üçin işlenip düzüldi.
Incoterms-iň adalgalaryny 4 topara bölmek bolar:
- E topary – Ýüküň ugradylýan ýeri. Alyjy ýüki üpjün edijiniň ammaryndan özi çykarýar.
- F topary – Esasy daşama alyjy tarapyndan tölendi.
- C topary – Esasy daşama satyjy tarapyndan tölendi.
- D topary – Eltip berme.
Incoterms-2020-iň mazmuny
EXW (Ex Works) – “Franko zawod” adalgasy, satyjy harydy öz kärhanasynda ýa-da bellenen başga bir ýerde (mysal üçin, zawodda, fabrikada, ammarda we ş.m.) alyjynyň ygtyýaryna berende, ol eltip bermek boýunça borjuny ýerine ýetirdi diýlip hasaplanylýar. Satyjy harydyň ulag serişdesine ýüklenmegi, şeýle hem eksport edilýän harydyň gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin jogapkärçilik çekmeýär.
Satyjy Alyjy tarapyndan belliklemelere we gaplamalara bildirilýän degişli talaplary ýerine ýetirmek bilen, daşama wagtynda howpsuzlygy kepillendirýän gaplamany üpjün edip, degişli hildäki harydy bermäge borçludyr, şeýle hem öz çäginde ýüke elýeterliligi üpjün etmäge, eksport üçin ähli resminamalary geçirmäge borçlydyr.
FOB (Free on Board) – “Gämiň üstünde erkin” adalgasy haçan-da haryt, ony ýükläp ugratmak üçin bellenen portda gäminiň tutalgalaryndan geçirilende, satyjynyň eltip berme işini ýerine ýetirendigini aňladýar.
Satyjy eksport üçin niýetlenen harydy gümrük taýdan resmileşdirmäge borçly. Bu adalga diňe harytlar deňiz ýa-da içerki suw ulaglary bilen daşalanda ulanylyp bilner. Eger taraplar harydy gäminiň tutalgalaryndan geçirip eltip bermegi meýilleşdirmeýän bolsa, onda FCA adalgasy ulanylmaly.
FCA (Free Carrier) – “Franko daşaýjy” adalgasy, satyjynyň gümrük taýdan resmileşdirilen harydy alyjy tarapyndan görkezilen ýük daşaýja bellenen ýere çenli eltjekdigini aňladýar.
Satyjy eksport üçin gümrük taýdan resmileşdirme amallaryny ýerine ýetirmäge borçly, alyjy satyjynyň ýurdundan harydy çykarjak ulag serişdesi barada maglumatlary satyja bermeli, bu awtoulag, demir ýol ulagy, howa ýa-da deňiz ulagy bolup biler. Satyjy, eksport beýannamasyny we beýleki zerur daşama resminamalaryny dogry dolduryp biler ýaly, ýük awtoulagyň hasaba alnyş belgisi, wagonyň belgisi, uçuşyň belgisi ýa-da gäminiň maglumatlary ýaly daşaýjynyň adyny we aragatnaşyk maglumatlaryny alyjydan öwrenmelidir.
Satyjy eksport edilende tölenmäge degişli gümrük taýdan resmileşdirme amallary boýunça ähli çykdajylary çekmäge borçly.
FAS (Free Alongside Ship) – “Gäminiň bortunyň ugry boýunça erkin” adalgasy, haçan-da haryt, ony ýükläp ugratmak üçin alyjynyň bellän portunda gäminiň bortunyň ugry boýunça ýerleşdirilende, satyjynyň eltip bermek boýunça borjuny ýerine ýetirendigini aňladýar. Satyjy eksport üçin niýetlenen harydy gümrük taýdan resmileşdirmäge borçly. Bu adalga diňe harytlar deňiz ýa-da derýa ulaglary bilen daşalanda ulanylyp bilner.
Satyjy önümleri gämä ýüklemek boýunça jogapkärçilik çekmeýär. Ol diňe lihterowkany amala aşyrmaga, ýagny ýük daşamak bilen meşgullanýan ulag kompaniýasynyň gämisiniň bortuna ýüki ýörite gämi bilen eltmäge borçludyr. Harydyň ýitirilmegi ýa-da zaýalanmagy töwekgelçiligi haryt gäminiň bortunyň ugry boýunça ýerleşdirilende alyja geçýär, we bu pursatdan başlap, ähli çykdajylary alyjy çekýär.
CFR (Cost and Freight) – “Bahasy we frahty” adalgasy, satyjynyň harydyň porta getirilmegi, gämä ýüklenmegi we frahty (gämi bilen daşalmagy) üçin tölegi töleýändigini, şeýle hem eksport edilende tölenmäge degişli gümrük taýdan resmileşdirme amallary boýunça ähli çykdajylary çekýändigini aňladýar. Satyn alyjy harydyň ätiýaçlandyryş tölegini töleýär. Eltip bermegiň CFR şertleri diňe harytlar deňiz ýa-da derýa ulaglary bilen daşalýan ýagdaýynda ulanylýar.
Satyjy harytlary bellenilen porta eltmek üçin zerur bolan çykdajylary we fraht tölegini tölemäge borçly, ýöne harytlaryň ýitirilmegi ýa-da zaýalanmagy töwekgelçiligi, şeýle hem haryt iberilenden soň ýüze çykýan goşmaça çykdajylar satyjydan alyja geçýär.
CIF (Cost, Insurance and Freight) – “Bahasy, ätiýaçlandyryşy we frahty” adalgasy, haryt ýüklenip iberilýän portda ulag serişdesine ýüklenende satyjynyň eltip berme işini ýerine ýetirendigini, satuw bahasynyň bolsa harydyň bahasyny, daşama çykdajylaryny, şeýle hem daşama wagtyndaky ätiýaçlandyryş tölegini öz içine alýandygyny aňladýar. Eltip bermegiň CIF şertleri diňe harytlar deňiz ýa-da derýa ulaglary bilen daşalýan ýagdaýynda ulanylýar.
Satyjy eksport edilende tölenmäge degişli bolan gümrük taýdan resmileşdirme amallary boýunça ähli çykdajylary çekmäge, şeýle hem barmaly porta çenli deňiz ýoly bilen daşama tölegini tölemäge we ýüki deňiz töwekgelçiliklerinden ätiýaçlandyrmaga borçlydyr.
CPT (Carriage paid to) – “... çenli daşama tölegi tölendi” adalgasy, satyjynyň harydy bellenen barmaly ýere çenli daşamak bilen baglanyşykly çykdajylary tölemäge borçlydygyny aňladýar. Bu alyjynyň harydyň ýitirilmegi ýa-da zaýalanmagy bilen baglanyşykly ähli töwekgelçilikleri, şeýle hem haryt daşaýja geçirilenden soňky ähli çykdajylary öz üstüne alýandygyny aňladýar. CPT adalgasy, garyşyk daşamalary muňa goşmak bilen, ähli ulag görnüşleri üçin ulanylýar.
CIP (Carriage and Insurance paid to) – “daşama we ätiýaçlandyryş ... çenli tölendi” adalgasy satyjynyň eksport edilýän ýüki belli bir ýere eltip, daşaýja geçirjekdigini aňladýar. Harydy ýüklemek, barmaly ýerine çenli daşamak boýunça çykdajylary tölemek borjy Satyja ýüklenýär. CIP adalgasy, garyşyk daşamalary muňa goşmak bilen, ähli ulag görnüşleri üçin ulanylýar.
Satyjy eksport edilende tölenmäge degişli bolan gümrük taýdan resmileşdirme amallary boýunça ähli çykdajylary çekmäge, şeýle hem harydy bellenen barmaly ýerine çenli daşamak bilen baglanyşykly çykdajylary tertipleşdirmäge we tölemäge borçlydyr, mundan başga-da ol harydyň ýitirilmegi ýa-da zaýalanmagy töwekgelçiliklerinden ulagyň ätiýaçlandyryşyny üpjün etmelidir.
DAP (Delivered at place) – “Barmaly ýerine eltip berildi” adalgasy, satyjynyň eksport gümrük düzgünine laýyklykda çykarylan we bellenilen ýere gelen ulagdan düşürilmäge taýyn bolan harydy alyja gowşuranda, eltip bermek boýunça borçnamasyny ýerine ýetirendigini aňladýar. DAP adalgasy, garyşyk (multimodal) daşamalary muňa goşmak bilen, ähli ulag görnüşleri üçin ulanylýar.
Satyjy, import edilýän ýurtda import ýygymlaryny we gümrük taýdan resmileşdirmekden başga, harydy bellenen ýere daşamak bilen baglanyşykly ähli çykdajylary we töwekgelçilikleri çekmäge borçlydyr. Alyjy import salgytlaryny we ýygymlaryny töleýär, şeýle hem ýüküň gümrük taýdan resmileşdirilmegi we alnan ýerinde düşürilmegi üçin jogapkärçilik çekýär. Satyjynyň alyjynyň öňünde ýüki ätiýaçlandyrmak boýunça borjy ýokdyr. Şeýle-de bolsa, satyjy alyja, onuň haýyşy boýunça, onuň töwekgelçiligi öz üstüne almagy bilen we onuň hasabyna ätiýaçlandyryşy almak üçin zerur bolan maglumatlary bermäge borçlydyr.
DPU (Delivered at Named Place Unload) – “Düşürilýän ýere eltip bermek” adalgasy, gümrük eksport düzgünine laýyklykda çykarylan haryt, gelen ulag serişdesinden düşürilende we görkezilen barmaly ýerinde alyjynyň ygtyýaryna berlende, satyjynyň harydy eltip bermek boýunça borjuny ýerine ýetirdi diýlip hasaplanýandygyny aňladýar. DPU adalgasy, garyşyk (multimodal) daşamalary muňa goşmak bilen, ähli ulag görnüşleri üçin ulanylýar.
Satyjy, harydy bellenilen barmaly ýerine daşamak we ony ulag serişdesinden düşürmek bilen baglanyşykly ähli çykdajylary we töwekgelçilikleri çekmäge borçlydyr.
DDP (Delivered, Duty Paid) – “gowşuryldy, pajy tölendi” adalgasy, import etmek üçin zerur bolan gümrük paçlaryndan arassalanan haryt bellenen ýere gelen ulag serişdesinde düşürilmäge taýyn bolan ýagdaýda alyjynyň ygtyýaryna berlende, satyjynyň gowşuryşy amala aşyrandygyny aňladýar. DDU adalgasy, garyşyk (multimodal) daşamalary muňa goşmak bilen, ähli ulag görnüşleri üçin ulanylýar.
Satyjy, harytlary barmaly ýerine eltmek bilen baglanyşykly ähli çykdajylary çekmeli we diňe ýüki ýurduň çäginden çykarmak üçin däl, eýsem ýurduň çägine getirmek üçin hem zerur bolan gümrük resminamalaşdyryş amallaryny ýerine ýetirmeli, eksport we import edilende alynýan islendik ýygymlary tölemeli we ähli gümrük resminamalaşdyryş işlerini amala aşyrmaly. Satyjynyň alyjynyň öňünde ýüki ätiýaçlandyrmak boýunça borjy ýokdyr. Şeýle-de bolsa, satyjy alyja, onuň haýyşy boýunça, onuň töwekgelçiligi öz üstüne almagy bilen we onuň hasabyna ätiýaçlandyryşy almak üçin zerur bolan maglumatlary bermäge borçlydyr.
Taraplaryň jogapkärçiligi Incoterms-2020
Çeşmesi: Halkara Söwda Palatasy
Resmi web sahypasy: https://iccwbo.org