El gurallary: ujy çüri ýa-da susguç görnüşli piller, kätmenler, külüňler, çapgylar, ýabaklar we dyrmyklar; paltalar, çapgyçlar we şoňa meňzeş çapyjy gurallar; ähli görnüşli bag gaýçylary; çalgylar, oraklar, samany owratmak üçin pyçaklar, bag gaýçylary, agajy bölmek üçin pahnalar we oba hojalygynda, bagçylyk hojalygynda ýa-da tokaý hojalygynda ulanylýan beýleki gurallar:
El byçgylary; ähli görnüşli byçgylar üçin polotnolar (şol sanda uzaboýuna kesýän, pazlary kesmek ýa-da dişsiz byçgylar üçin polotnolar):
Igeler, kiçijik igeler, törpiler, atagzy gysaçlar (şol sanda gysgyçlar),
ýasy agyzly atagzylar, passatižler, müçenekler, jübtekler, metaly kesmek üçin gaýçylar, turba kesýän gurluşlar, nurbat kesýän gaýçylar, burawlar we şoňa meňzeş el gurallary:
Gaýka üçin el açarlary (şol sanda torsiometrli gaýka açarlary, ýöne gapajygy ýok); gaýka açarlary üçin çalşylýan uçluklar, tutawaçly ýa-da şolarsyz:
gaýka üçin el açarlary:
Başga ýerde atlandyrylmadyk ýa-da goşulmadyk el gurallary (şol sanda almaz aýna kesijileri); kebşirleýji lampalar; isgenjeler, gysaçlar we şoňa meňzeş önümler, stanoklara degişli zatlardan we böleklerinden başga; ýekedabanlar; göçme körükler; el ýa-da aýakda işledilýän daýanç gurluşly ýylmaýjy tegelekler:
8202 – 8205 haryt görnüşleriniň iki ýa-da şondan köp bölegine degişli gurallar, bölek satuw üçin niýetlenen toplumlarda
El gurallary, mehaniki hereketlenýän ýa-da şonsuz ýa-da stanoklar üçin çalşylýan işçi gurallar (mysal üçin, basmak, möhürlemek, oýup kesmek, hyr kesmek, burawlap deşmek, ýiteltmek, dartdyrmak, frezerlemek, tokarda işläp bejermek ýa-da nurbatlamak üçin), şol sanda metaly sozmak ýa-da ekstrudirlemek üçin filýerler, dag jynslaryny ýa-da topraklary burawlamak üçin gurallar
gaty jynslary ýa-da topraklary burawlamak üçin gurallar:
Maşynlar ýa-da mehaniki esbaplar üçin pyçaklar we kesiji tyglar:
Plastinalar, pürsjagazlar, uçluklar we şoňa meňzeş önümler olarda oturdylmadyk gurallar üçin, metalkeramikadan:
Agramy 10 kg ýa-da şondan az bolan, iýmit ýa-da içgileri taýýarlamak, gaýtadan işlemek ýa-da bermek üçin elde mehaniki gurluşlary
Kesýän päkili, byçgy şekilli ýa-da byçgy şekili däl pyçaklar (şol sanda
agaç kesindileri üçin pyçaklar), 8208 haryt görnüşli pyçaklardan başga we olar üçin tyglar:
Päkiler we olar üçin tyglar (şol sanda tyglar üçin zolaklanan taýýarlamalary):
Gaýçylar, tikinçilik gaýçylary we şoňa meňzeş gaýçylar we olar üçin tyglar
Beýleki kesiji önümler (mysal üçin, saçy deňlemek üçin maşynkalar, gassaplar üçin ýörite pyçaklar ýa-da ýörite aşhana pyçaklary we çapgyçlar, kagyz üçin pyçaklar); manikýur ýa-da pedikýur toplumlary we gurallary (şol sanda dyrnak üçin byçgyjyklar):
Çemçeler, çarşaklar, susaklar, kepgirler, tort üçin pilçejikler, balyk, mesge üçin pyçaklar, şeker üçin tutawaçlar we şoňa meňzeş aşhana ýa-da naharhana esbaplary:
Duşenbe 09:00 – 18:00
Sişenbe 09:00 – 18:00
Çarşenbe 09:00 – 18:00
Penşenbe 09:00 – 18:00
Anna 09:00 – 18:00
Şenbe 09:00 – 13:00
Ýekşenbe Dynç güni